Öňdebaryjy AVIAV TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasy
  • uçarlary we dikuçarlary kireýine almak.
  • islendik ugurlar boýunça çarter gatnawlaryny gurnamak,
  • howa gämilerini satyn almak, gurnamak we kämilleşdirmek
ýaly ugurlary boýunça öz hyzmatlaryny teklip edýär. Kompaniýamyzyň esasy iş merkezi Nissada ýerleşip, Ýewropanyň beýleki şäherlerinde, Russiýada, Gazagystanda, Özbegistanda hem wekilçiliklerimiz bar. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň hususy uçarlaryň dünýä binýadyna ygtyýary bolup, ähli kontinentleriň howa menzilleri bilen iş salyşýar. Öz müşderileri üçin AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy howa menzillerini internet arkaly bronlamagyň oňaýly hyzmatyny işläp taýýarlady. Kompaniýanyň baş saýtynda hususy uçary ýa-da dikuçary, öz islegiňize görä goşmaça hyzmatlary sargap bilersiňiz, elektron şertnamany baglaşyp we gatnawyň tölegini amala aşyryp bilersiňiz. Bu amallary ýerine ýetirmek üçin 15 minut wagt sarp edýärsiňiz, kompaniýanyň jogapkär işgäri hem 24 sagadyň dowamynda aragatnaşykda bolýar.Giň iş gerimi Fransiýada we Monakoda biz şu aşakdakylar ýaly hyzmatlary ýerine ýetirýäris:
  • saýlan howa menziliňizden dünýäniň islendik nokadyna göni howa gatnawlary,
  • şäher arasynda dikuçar taksileri,
  • gysga howa gezelençleri,
  • ýük howa gatnawlary,
  • lukmançylyk howa gatnawlary,
  • dikuçaryň gämä, öýüň üçegine, daglarda gonmagy,
  • howada baýramçylyk çäreleriniň geçirilmegi,
  • asmanda gämileriniň týuningi (ýagny kämilleşdirilmegi),
  • uçarlaryň we dikuçarlaryň satuwy,
  • howa gämilerini “noldan” gurulmagy.
 AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň alyp barýan işiniň aýratynlygy bu “ähli amatlyklary bolan” hyzmatlary ýetirmegi bolup durýar. Biz, goşmaça hyzmatlary bilen bilelikde prosesi başyndan soňuna çenli gurnamagy göz öňüne tutýarys. Müşderimize öz wagtyny we serişdesini sarp edip onlarça başga dürli kompaniýalara ýüz tutmagyna zerurlygy bolmaýar. Eger siz uçar satyn almak isleseňiz, bu ugurda hem biz, siziň meseläňiz boýunça gerekli hünärmen bilen üpjün edýäris. Bir gezeklik uçuşy sargyt etmek bilen ýolagçy “Konfransyň” işgärine şular ýaly tabşyrygy berip biler
  • howa menzilinine çenli awtoulagda eltmegi gurnamagy,
  • wiza we lukmançylyk ätiýaçlandyrmasyny resmileşdirmegi,
  • myhmanhanalary bronlamagy,
  • restorandandan uçaryň bortuna günortanlyk naharyny buýurmagy,
  • biznes-ýoldaşlygy,
  • baran şäherinde konsýerž hyzmatyny
AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy alyp barmagyň bähbitli taraplary 
  1. Iş awiasiýa bazarynda 15 ýyl tejribesi bar.
  2. 2017 ýylda Ýewropada lukmançylyk gatnawlaryny amala aşyrmakda öňdebaryjy kompaniýa diýip hasap edildi.
  3. ÝIAA (Ýewropa Iş Awiasiýasynyň Assosiasiýasy – EBAA (European Business Aviation Association)), MIAA (Milli Iş Awiasiýasynyň Assosiasiýasy – NBAA (National Business Aviation Association)) we öňdebaryjy çarter ulgamy bolan Avinode ýaly abraýly awiasiýanyň biznes – assosiasiýalarynyň agzasy.
  4. Döwrebap onlaýn hyzmatlary: uçary kireýine almak üçin jemi 15 minut sarp edýärsiňiz.
  5. Iş jaýynda, baglaşýan şertnamaňyzyň aýdynlygyna we dogrydygyna kepil geçýän öz hususy awiasiýa we gümrük hukukçylary bar.
  6. Islendik ugurlarda, şol sanda seýrek we çylşyrymly ugurlarda hem göni howa gatnawyny gurnamagy.
  7. Zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda garyşyk ulaglary bilen hem üpjün etmegi (uçar + dikuçar, dikuçar + gämi).
  8. Müşderileri bilen sypaýy aragatnaşykda bolmagy, gizlinligiň doly kepili.
  9. Rus we esasy ulanylýan ýewropa dillerinde erkin gürleýäris.
  10. Kompaniýanyň özi, howa kompaniýasynyň ýa-da eýesiniň adyndan teklip edip, hususy gatnawlara nyrhy ýokarlandyrmaýar.
Uçarda ýa-da dikuçarda ýygy – ýygydan uçmak – bu hemişe:
  • ýokary derejeli rahatlyk,
  • gerekli şäheriňize göni gatnawy bilen barmak,
  • geljek wagtyň anyk bolmagy,
  • goýlan maksatlara dessin ýetmek mümkinçiligi,
  • daş-töwerekdäkileriň sylagy we hormaty.
 AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy siziň ynamdar hyzmatdaşyňyz bolar, iş awiasiýasy dünýäsini siziň üçin düşnükli we elýeter eder, täze üstünlikleri gazanyp belentliklere galmaga ýardam edýär.Biziň müşderilerimiziň täsirlenmeleri AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy, biz sizi söýýäris! Fransiýada biz hemişe siziň bilen! Size üstünlikleri we belent sepgitlere ýetmegiňizi arzuw edýäris!Siziň Roman we INW, Taşkent.  Konfrans SARLkompaniýasyna Piterden Pariže toýa uçuş sargadyk. Gatnaw örän gowy gurnalypdyr: hemme zat biziň isleşimiz ýaly, hiç ýerde eglenmedik, üstesine olar bize sowgat hem etdiler. Diýseň ýarady, minnetdar.Arsen we Nikol, Sankt-Peterburg. Biz entek hususy uçary sargamaga taýýar däl, emma AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň gurnan Nissadaky we Monakodaky dikuçar gezelenji bize örän ýarady!! Indiki gezek has uzak ýerlere hem gezelenç ederis diýip umyt edýäris!!!Anna, Ýelena, Ýekaterina, Saratow, Moskwa. Fransiýada hem iş awiasiýasy AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň kömegi bilen gülläp ösýär. Eger siz dogry ulanyp bilseňiz we serişdeleriňiz bar bolsa, bu, biznesi ösdürmegiň amatly görnüşi bolup durýar. Men bu ýerde gowy düşünişýänime örän begenýärin. Bu ýerde hiç hili resmilik we ofisioz ýok – diňe pozitiw we goýlan meseleleri operatiw ýagdaýda çözmek bolup durýar. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasyna sag bolsun aýdýaryn, siz bilen işleşmek örän ýakymly.Armen, Ženewa.